Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň her bir wakasy biziň hakydamyzda hemişelik galar. Durky düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan atçylyk toplumynyň açylyşy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan tutumly işleriň biri hökmünde-de taryh sahypalaryndan mynasyp orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp Arkahan atly ahalteke bedewine atlanyp, dabaralara badalga bermegi, at çapmagy türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny ýene bir ýola dünýä doldurdy. Bu wakalar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratyny hem has artdyrdy.
Behişdi bedewlerimiziň sarpasyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren mümkinçilikleri netijesinde, döwrebap toplumyň açylyş dabarasy türkmen toýlaryna mahsus uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýunyň hem toýlanmagy bolsa milli däp-dessurlarymyzyň dowamata atarylýandygyny görkezdi. Ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza eýerilip, toý çapuwynyň geçirilmegi we oňa Arkadag şäherinden Daghan diýen gyr bedewi bilen Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy şanly wakalaryň ähmiýetini artdyryp, ýüreklere buýsanç, ylham eçildi. Daghan atly ajaýyp ahalteke atyny mähir-yhlas bilen seýisläp, toý çapuwyna Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlamagy halkymyzyň «Ata kesbi ogla halal» diýen aýtgysynyň durmuş ýüzündäki hakykaty hökmünde ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň adyndan at çapmagynyň özünde-de uly many bar. Çünki Arkadag şäheri ahalteke bedewleriniň gadymy mekanydyr. Bu bedewler şu toprakda kemala gelip, ussat seýisler tarapyndan seýislendi. Baş halypamyz, ussat halypa çapyksuwar Gahryman Arkadagymyz toý çapuwynda bize at çapmagyň, oňa erk etmegiň beýik nusgasyny ýene bir gezek görkezdi. Ussatlyk bilen ata erk eden Milli Liderimiz toý çapuwynyň ýeňijisi bolup, ähli atşynaslaryň göwnüni galkyndyrdy. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, şeýle pursatlar bize ussatlygyň bir günde döremeýändigini, onuň nesilden-nesle geçýän zähmetiň, terbiýäniň, tejribäniň we söýginiň netijesidigini görkezýär.
Häzirki döwürde bedew ata bolan hormat medeni, edebi mirasymyz bilen birlikde, ýurdumyzda gurulýan döwrebap binalaryň, şäherleriň, toplumlaryň keşbinde-de öz beýanyny tapýar. Ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna esaslanyp döwrebaplaşdyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň binalarynyň hem milli ruhda, döwrebap binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly gurlandygy guwandyryjydyr. Umumy meýdany 76 gektara barabar bolan, 1200 baş at saklamaga niýetlenen toplumyň baş girelgesinde «Atly ýigit» binasynyň gurulmagy öz taryhy köklerine gadyr goýýan, şu günki parahat durmuşyna guwanýan we geljege tarap ynamly gadam urýan türkmen halkynyň dünýä ýüzünde ahalteke bedewleri bilen ýeten belent derejesini, döwletimiziň şöhratly geçmişini we aýdyň geljegini bir bitewi keşpde açyp görkezýär.
Toplumyň özboluşly binagärlik aýratynlygy, onda ýerleşdirilen heýkeller, milli bezegler görenleri haýran galdyrýar. Toplumyň girelgesinden başlanan ajaýyplyklar milli gymmatlygymyza — ahalteke bedewlerine goýulýan sarpany, söýgini aýdyň ýüze çykarýar. Bu ýerde millilik bilen döwrebaplygyň ajaýyp sazlaşygyny görmek bolýar. Şol sanda toplumyň bezeg serişdeleriniň aýratynlygyna hem uly üns berlipdir. Onuň binagärlik keşbinde bedew at bilen bagly milli nyşanlaryň, nagyşlaryň, goçak şekilleriniň, dagdan agajynyň giňden ulanylmagy aýratyn many-mazmuny özünde jemleýär. Toplumyň binalarynda, ýol yşyklandyryş ulgamlarynda, beýleki dürli ýerlerinde nal şekiliniň bezeg serişdesi hökmünde ulanylmagy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki bedew atlar bilen bagly däpler, ynançlar we nyşanlar türkmeniň ruhy dünýäsinde çuňňur orun alypdyr. Şol nyşanlaryň biri-de atyň naly bolup durýar.
Atçylyk toplumynda ýerleşdirilen açyk manež özüniň ajaýyp keşbi bilen haýrana goýýar. Manežiň üsti gümmez görnüşinde türkmeniň ak öýüniň şekilini ýadyňa salýar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryny ýerine ýetirmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň ýapyk maneži atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek üçin dizaýn we innowasion enjamlar babatda ýokary derejede bina edilen. Bu binanyň içinde tomaşaçylar üçin meýdança, atçylyk sportunyň konkur ýaly görnüşleri üçin aşagy ýumşak kwars çägesi bilen örtülen meýdançasy ýokary derejede gurnalan.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň ýapyk görnüşli athanalary-da döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Olaryň içiniň howalandyryş ulgamy, atlaryň iýmitlendirilişi we suwa ýakylyşy häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanyp alnyp barylýar. Şeýle-de toplumyň edara binasynda wideogözegçilik arkaly dolandyryş otagy atlaryň ýagdaýyna, howpsuzlygyna we gündelik endiklerine gözegçilik etmek hem-de atçylyk toplumynda adamlaryň bolmadyk wagtynda-da atlaryň ideginden habar almak mümkinçiligini döredýär. Athanalarda zähmet çekýän atbakarlara, seýislere hem ähli mümkinçilikler döredilip, dynç alyş otaglary, aşhana, eýer saklamak üçin otag, ammar ýaly birnäçe otaglar bar.
Toplumyň çapuw ýodalarynyň ýer düşegi suw sepýän döwrebap enjamlar we awtomatik ulgamlar bilen üpjün edilendir. Bu ulgam Türkmenistandaky halkara ülňülere laýyk gelýän ýörite inženerçilik ulgamlary arkaly amala aşyrylýar. Çapuw ýodalaryny bökdençsiz we talabalaýyk çyglamak üçin ulanylýan esasy suw sepýän enjamlar we ulgamlar bolýar. Bu toplumda çapuw ýodasynyň gyralarynda ýeriň astynda gurnalan we diňe suw goýberilende ýokary göterilip, uly meýdana suw sepýän gurallar ýerleşdirilen. Şeýle çapuw ýodasynyň örtügi ýurdumyzyň öz önümi bolup, ýerli çägeden we ýörite geotekstil materialyndan, birleşdiriji maddadan ybaratdyr. Bu ýerde 4 müň tomaşaça niýetlenen münberi hem ähli amatlyklary özünde jemleýär. Dünýäde ilkinji gezek atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň aýratynlygy bolsa özboluşly söhbetdir. Bu döwrebap fotostudiýa 4 sany esasy bölümden ybarat bolup, ajaýyp türkmen tebigatynyň iň täsin gözelliklerini, ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşleri özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» diýip belleýär. Ahalteke bedewlerimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçileri hasaplanýar. Toplumyň çäginde ýerleşdirilen heýkel kompozisiýasynda hem Ýer şarynyň üstünde taýçanagyň buýsançly keşbi ahalteke bedewlerimiziň ýeňişlerini görkezýär. Halkymyzda taýçanak atşynaslyk däpleriniň dowamaty we täze rowaçlyklaryň nyşany hasaplanýar. Ýer şarynyň ýüzünde aýratyn şöhlelenip duran Türkmenistanyň kartasy we «Türkmenistan» ýazgysy her bir raýatyň kalbynda Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrýar. Dünýä kartasyny emele getirýän kebelekler bolsa esere aýratyn janlylyk, näziklik we parahatçylyk äheňini çaýýar. Bu heýkel eseri milli mirasymyzyň bütindünýä atçylygyna goşan goşandyny görkezýär.
Mahlasy, toplumyň çäginde gurlan her bir desgada, geçirilen her bir çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik yhlasy, taýsyz tagallalary aýdyň beýanyny tapdy. Şeýle beýik işler ildeşlerimizi tüýs ýürekden buýsandyrýar. Halkymyzyň naýbaşy gymmatlygy, milli buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Pygy BAÝRAMDURDYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy.



















