Ýaş nesli terbiýelemekde halk döredijiliginiň orny
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň durmuşynyň täze ösüşlere beslenýän zamanasydyr. Häzirki wagtda ýaş nesil hakyndaky alada ilkinji nobatda üns berilýän wezipeleriň hataryndadyr. Ýaşlary hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmek barada döwlet tarapyndan edilýän alada günsaýyn güýçlenýär. Biziň şu günki terbiýeleýän körpelerimiz ata Watanymyza mynasyp nesil bolmalydyrlar. Şol nesli lebzihalal, zähmetsöýer, batyrgaý, watansöýüji edip terbiýeläp ýetişdirmekde halk döredijiliginden peýdalanmak örän ähmiýetlidir.
Türkmen halk döredijiliginiň her bir görnüşi halkyň pähim-paýhasyndan, kalbyndan joşup çykan çeper we şahyrana sözleriň jeminden emele gelen dürdänelerdir. Ol pikirler halkyň akyl gazanynda gaýnap, pähim eleginde elenip, taryhyň, durmuşyň synaglaryndan geçen çeper gymmatlyklarydyr. Halk döredijiliginiň ertekiler, matallar, sanawaçlar, tapmaçalar, nakyllar ýaly görnüşleriniň çagalara bilim we terbiýe bermekde ähmiýeti uludyr.
Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdüleri körpelere öwredenimizde, hüwdiniň näme üçin aýdylýandygyny, onda her bir enäniň hüwdiniň üsti bilen öz çagasynyň Watana gerekli adam bolup ýetişmegini arzuwlap aýdýandygyny bentleriň üsti bilen düşündirýäris.
Sapakda, sapakdan daşary işlerde multimedia tehnologiýalaryny peýdalanmak mümkinçiligi hem uludyr. Ertekiler esasynda taýýarlanýan ýumuşly slaýdlarda çagalara tanyş bolan gahrymanlaryň peýda bolmagy, ol ýerde goşgularyň, sanawaçlaryň, matallaryň ulanylmagy çagalaryň sözleýşiniň ösmegine ýardam edýär, dersara baglanyşygy guramaga-da mümkinçilik berýär.
Slaýdlarda suratlaryň hereketlenmegi, seslenmegi çaga üçin gyzykly bolup, berilýän okuw maglumatlarynyň has çuňňur özleşdirilmegine ýardam edýär. Sapaklarda erteki gahrymanlary bilen baglanyşdyrylyp berlen meseleler çaganyň bilesigelijiligini has-da artdyrýar.
Çagalaryň ukyplaryny, pikirlenmesini ösdürmekde, olara zähmet terbiýesini bermekde nakyllaryň ulanylmagynyň uly ähmiýeti bar. Zähmet bilen baglanyşykly «Giç ýat-da, ir tur — alty pişegi artyk ur», «Bir eli bilen eken, iki eli bilen orar», «Bir gün öň sepen, bir hepde öň orar», «Bir sözle, iki diňle» diýen ýaly nakyllaryň peýdalanylmagy çagalarda zähmete söýgini ösdürmek bilen sanlary gaýtalamaga hem mümkinçilik berýär. Sanlaryň düzümi, jübüt we täk sanlar, wagt düşünjeleri bu nakyllaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Biz çagalara zähmet çekmegiň lezzetiniň bardygyny, zähmet çekilip gazanylan çöregiň tagamynyň üýtgeşikdigini nakyllaryň üsti bilen aýdyp geçýäris.
Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde sanawaçlary gaýtalatmak hem örän ähmiýetlidir.
Mundan başga-da, halk döredijiligine degişli rowaýatlar hem bar. Rowaýatlar hem çagalarda uly täsir galdyrýar. Biz rowaýatlary okap, gürrüň edip berenimizde, çagalar ony uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Rowaýatlar çagalarda türkmen halkymyza, ata Watanymyza bolan buýsanjynyň, taryhymyza, geçmişimize bolan guwanjynyň artmagyna uly kömek edýär.
Oguljennet PÜRLIÝEWA,
Arkadag şäherindäki 20-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.



















