Awaza dünýäni birleşdirýär
Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen halkara çäreler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni täze dialog mehanizmlerine gönükdirdi
Halkara duşuşyklar umumadamzat bähbidini nazarlaýar. Oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri çärelerde muňa has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Hazar ekologiýa sammiti, halkara zenanlar dialogy ýaly iri çärelerde beýan edilen garaýyşlar dürli ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini görkezýär. Bu wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iň täze taryhynda mynasyp orun alar.
Zenanlaryň başlangyçlary — umumadamzat bähbidi
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna möhüm orun degişlidir. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar. Foruma gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi häzirki wagtda jemgyýetde hem-de döwletde zenanlaryň orny baradaky meselä halkara jemgyýetçiligiň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Halkara dialogyň plenar hem-de mowzuklaýyn mejlislerinde beýan edilen çykyşlaryň hem-de teklipleriň ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmäge zenanlaryň gatnaşmagynyň halkara hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini ynamly aýdyp bolar. Mowzuklaýyn mejlislerde GDA ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri çykyş edip, gender deňligi syýasatyny durmuşa geçirmekde toplanan milli tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýlelikde, halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Munuň özi bolsa GDA ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Özara ynanyşmagyň ýokary derejesi
Halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri maksatlary birleşdirip, tagallalary utgaşdyrýar. Awazada guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi hem özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn Çözgüt, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA-da 2029-njy ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt, 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Hukuk sowatlylygy ýylyny» geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hakynda Çözgüt, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli syýasy geňeşmeleriň meýilnamasy baradaky Çözgüt bar.
Suw ýollary durnukly ösüşiň bähbidine
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şunda Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisiniň hem-de sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygynyň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.
Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşynyň we suw howdanlarynyň işiniň jemlerini jemlediler. Sebitiň ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň sazlaşykly işi we yzygiderli hyzmatdaşlygy netijesinde, oba hojalyk ulgamyny we ekoulgamlary suw bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar nobatdaky döwür üçin suw serişdelerini ulanmagyň möçberlerini hem-de suw howdanlarynyň ylalaşylan iş tertibini tassyklamaga aýratyn üns berdiler. Taraplar hakyky suw akymynyň gözegçiligi, Aralýaka çäklere sanitariýa-ekologiýa suw akymyny üpjün etmek, şeýle hem suw akymynyň tertibini kesgitlemek bilen bagly meselelere seretdiler.
Demografik ösüş — döwrüň meselesi
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Ilat diňe bir ykdysady ösüşiň esasy çeşmesi we hereketlendiriji güýji bolup çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamyň durmuşynyň ýokary hilini, abadançylygyny we sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ähli özgertmeleriň ahyrky maksady hem bolup durýar. Şu jähetden, Awazada guralan çäreleriň çäklerinde «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahata möhüm orun degişli boldy.
Forumyň dowamynda demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryna we olary uzak möhletli durmuş-ykdysady meýilnamalara ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alnyp maslahatlaşmalara halkara bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler netijeli çözgütleriň ilatyň düzümini we esasy görkezijileri çuňňur seljerme işini talap edýändigini nygtadylar.
Mejlisde ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň maglumatlaryny döwlet dolandyryşynyň maglumat binýadyny döretmek üçin netijeli ulanmak meselelerine garaldy. Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
* * *
Bulardan başga-da, gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi ýaly iri çäreler hem üstünlikli guraldy. Şeýlelikde, dünýäde meşhur jahankeşdelik merkezleriniň biri hökmünde tanalýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de olary çalt çözmek üçin bilelikdäki anyk çäreleri işläp taýýarlamak boýunça netijeli dialog meýdançasyna öwrüldi.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».



















