Okuwçylaryň dünýägaraýşyny kemala getirmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi giň gerim bilen alnyp barylýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň ösýän talabyna laýyk guramak işinde esasy orun mugallymlara, synp ýolbaşçylaryna degişlidir. Her bir mugallym bilimini artdyryp, hünär ussatlygyny kämilleşdirmelidir.
Umumybilim berýän orta mekdeplerde guralýan synp sagatlarynyň maksady her bir okuwçynyň kalbynda gowy adam bolmaga höwesi oýarmakdan ybaratdyr. Eger biz terbiýeçilik sagatlaryny döwrebap usulda gurasak, jemgyýetimiz üçin diňe bir bilimli däl, eýsem, kämil we ahlakly şahsyýetleri ýetişdirip bileris.
Biziň esasy maksadymyz synp sagatlary arkaly okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek we olaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr. Häzirki zaman bilim ulgamynda sapagy okatmak bilen bir hatarda çaganyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak hem möhüm bolup durýar. Synp sagatlary okuwçylaryň erkin pikir ýöretmegi, jemgyýetdäki wakalara baha bermegi we milli gymmatlyklarymyzy özleşdirmegi üçin ähmiýetlidir.
Mekdep diňe bilim berýän ojak bolman, eýsem, kämil şahsyýeti kemala getirýän esasy gurşawdyr. Bu gurşawda synp sagatlarynyň orny örän uludyr. Sebäbi synp sagady diňe tertip-gözegçilik sapagy däl-de, okuwçynyň dünýägaraýşyny giňeldýän, onuň içki dünýäsini baýlaşdyrýan pedagogik mümkinçilikdir. Häzirki döwürde bolsa okuwçylaryň maglumat giňişligi örän giň. Synp sagatlarynda wagyz-nesihat işi has-da kämilleşdirilmelidir. Şonuň üçin biz döwrebap we işjeň usullary ulanmalydyrys.
Synp sagatlaryny diňe gürrüňdeşlik däl-de, interaktiw usulda guramak oňat netije berýär. Meselem: «Zehin daragty» diýen suraty görkezmek arkaly pikir alyşmaly. «Zehinli bolmak üçin näme etmeli?» diýen tema boýunça «Zehinli adam» diýen söz düzümini multimedia tagtasynda ýazmaly. Şunda «Zehinli bolmak üçin adam nähili häsiýete eýe bolmaly?» diýen soraga gysgaça jogap ýazmaklaryny tabşyrmaly. Meselem, kitap okamak, ünsli bolmak, köp sorag bermek. Okuwçylar jogap hatlaryny «Zehin daragtyna» gezekli-gezegine asýarlar we pikirlerini gysgaça düşündirýärler. Sapagyň ahyrynda biziň «Zehin daragtymyz» «miwe» berýär. «Kitap okamak bizi has-da kämilleşdirýär» diýen temada bolsa täze sözleri öwrenmek, ýatkeşligi türgenleşdirmek, köp okamak boýunça okuwçylaryň öz garaýyşlaryny beýan etmekleri oňat netijeleri berýär.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, akyldar şahyrlarymyzyň durmuşy we döredijiligi boýunça guralýan synp sagatlary okuwçylarda watansöýüjilik duýgusyny oýarýar. Terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagy mugallymyň sapaga döredijilikli çemeleşmegine baglydyr. Okuwçylaryň dünýägaraýşyny ösdürmek uzak möhletli iş bolup, synp sagatlary çagalaryň aňynda täze düşünjeleri, maglumatlary özleşdirmek üçin döredilen mümkinçilikdir.
Biziň esasy maksadymyz çagalarda belent adamkärçilik häsiýetlerini kemala getirmekden, Watana, ene-ata söýgi, ululara hormat goýmak ýaly duýgulary terbiýelemekden, okuwçylary dünýä medeniýetiniň iň oňat nusgalary, ylym-bilimdäki gazanylýan üstünlikler we umumadamzat gymmatlyklary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Dogry meýilleşdirilen we döwrebap usullar bilen geçirilýän synp sagatlary okuwçynyň durmuşda öz ornuny tapmagyna, ruhy taýdan kämilleşmegine we sazlaşykly şahsyýet bolup ýetişmegine täsirini ýetirýär.
Ogulsenem ORAZTAGANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.



















